- gybat
- [gy:bat]Biriniň daşyndan edilýän nädogry, takyk däl gürrüň, myjabat.∙ Öýüň gözeneginde gybat edip oturan aýallar hem seredişdiler. (A. Gowşudow, Eserler)∙ Gybatyny edip, ýamanlap oturan mahalynda Pökgüniň üstüne gelmegi Ýelliniň başyndan huşuny uçurdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Göreniň gybatyny etmekdenem bir akyllylyk bolarmy? (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.